[gi:rdeji]
Çekilen zähmet üçin her hili çeşmelerden girýän düşewünt, peýda.
Pagtadan şeýle hasyl alsak, başga girdeji hasap hem däl. Hasyly ýygnap, girdejini sandyga salanymyzda sän, ullakan toý ederis. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Sen nebsiňi saglatmaňda-da girdejiň çykdajyňdan sallamlyrak bolar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)