[gi:nemek]
Giňligi artmak, göwrümi ulalmak, giňemek.
Serdaryň uzadan turşy hyýaryny waşyrdadandan soň, Kelhanyň bogazy biraz giňedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Göçme manyda Giň göwrümli bolmak, sowuk ganly bolmak.
Ol indi gaty giňäpdir.
Ýalňyş barada habar ber Söz hödürle
Sözlükde tapmadyk sözüňizi bize hödürläň we biz onuň düşündirişini tapmaga synanyşarys.