giňeltmek gi‧ňelt‧mek işlik

[gi:neltmek]

  1. Göwrümini artdyrmak, giň etmek, inine artdyrmak, ulaltmak.

    • Çeşmäniň gölen suwlaryny, jalawlaryny arçap, gözbaşyň aýtymy giňeltdiler. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

    • Aýaz ony biraz giňeltdi-de külüňin sapyny içerik saldy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Artdyrmak, köpeltmek ýaýbaňlandyrmak.

    • Maldarlar arasynda agitasion-köpçülik işiň gerimini giňeltmeli. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem giňeltmek - giňeldýär, giňelder, giňeldipdir.


Duş gelýän formalary
  • giňelden
  • giňelder
  • giňeldip
  • giňeldipdi
  • giňeldipdik
  • giňeldipdir
  • giňeldipdirler
  • giňeldäý
  • giňeldýän
  • giňeldýändigi
  • giňeldýändikleri
  • giňeldýänligini
  • giňeldýär
  • giňeldýärdi
  • giňeldýärdiler
  • giňeldýärler
  • giňeltdi
  • giňeltdi-de
  • giňeltdiler
  • giňeltjek
  • giňeltjekdigi
  • giňeltjekdigini
  • giňeltme
  • giňeltmegi
  • giňeltmegimiziň
  • giňeltmegine
  • giňeltmeginiň
  • giňeltmegiň
  • giňeltmek
  • giňeltmekde
  • giňeltmekden
  • giňeltmeklige
  • giňeltmekligi
  • giňeltmeklik
  • giňeltmeklikde
  • giňeltmekçi
  • giňeltmeli
  • giňeltmelidigine
  • giňeltmesiniň
  • giňeltmäge
  • giňeltmäge-de
  • giňeltmän
  • giňeltmäni
  • giňeltsek
  • giňeltsene