Keýpine gezmelemek, aýlaň-çaýlaň etmek.
Men hem obamyza gezmäge bardym. (N. Pomma, Goşgular)
Gezen derýa, oturan gümra. (nakyl)
Milli komitet dagadlandan soň gaçgaklap gezýän Oraz serdar bir ýerden peýda boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Adam nazary düşmedik ýerde gezsin. («Görogly» eposy)
Biri bilen tirkeşmek, wagt geçirmek.
Ata Myrat bilen gezýär.
Işsiz ýörmek.