gezek ge‧zek

  1. Gaýta, sapar, öwran, ýola.

  2. Düz gün, nobat.

    • Olar süri bolup gezýärler, otlaýan wagtlarynda hemişe gezegine biri garawulçylyk çekýar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Belki, indi gezek biziňkidir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gezek - gezegi.

gezegi ýetmek

Nobaty gelmek, gezegi gelmek.


Duş gelýän formalary
  • gezege
  • gezegem
  • gezegi
  • gezegi-de
  • gezegim
  • gezegimde
  • gezegimden
  • gezegimi
  • gezegimiz
  • gezegimizde
  • gezeginde
  • gezeginden
  • gezegindäki
  • gezegine
  • gezegini
  • gezeginiň
  • gezegiň
  • gezegiňde
  • gezegiňe
  • gezegiňiz
  • gezek-de
  • gezekde
  • gezekden
  • gezekdi
  • gezekdir
  • gezekdäki
  • gezekdäkisi
  • gezekler
  • gezeklerde
  • gezeklerdäki
  • gezeklerem
  • gezekleri
  • gezekleri-de
  • gezeklerinde
  • gezekleriniň
  • gezekleriň
  • gezekleýin
  • gezekli
  • gezekligi
  • gezeklik
  • gezeklikde
  • gezekmi