getirtmek işlik

Alyp geldirmek, äkeldirmek.

  • Bolmajagyna gözi ýetip, kart getirtdi-de, sytolun üstüne elli sany çerwonet goýup, kart paýlamaga başlady. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

  • Odun getirtmek.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem getirtmek - getirdýär, getirder, getirdipdir.


Duş gelýän formalary
  • getirden
  • getirdeninde
  • getirdeniň
  • getirderin
  • getirdeýin
  • getirdip
  • getirdipdir
  • getirdipdir-de
  • getirdiň
  • getirdäýsem
  • getirdýän
  • getirdýänem
  • getirdýär
  • getirdýärdiler
  • getirdýärler
  • getirtdi
  • getirtdi-de
  • getirtdim
  • getirtdim-de
  • getirtgin
  • getirtmegi
  • getirtmek
  • getirtmekçi
  • getirtmeli
  • getirtmez
  • getirtmäýin