getirmek işlik

  1. Bir ýerden ikinji bir ýere alyp gelmek, äkelmek.

    • Suw getiren hem bir, küýze döwen hem. (nakyl)

    • Ol magazinden bir halta ak un getirdi.

  2. Hasyl bitmek, hasylly bolmak.

    • Bu ýyl üzümimiz ýagşy getirdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Miwe agaçlaryň gowy getiripdir.

göz öňüne getirmek

seret göz

  • Şol ýatlamalaryň içinde, näme üçindir, Tähranyň jähennemi göz öňüne getirýän gyzgyn gündizleri dymyk agşamlar onuň hyýalyndan çykmaýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

sary getirmek

seret sary

tasa getirmek

seret tas