germek işlik

  1. Çekip, dartdyryp asmak, ýazyp goýmak, ýazmak.

    • Olar köne kilimlerden gerip, çadyra meňzeýän bir zat düzedip, içine stol goýupdyrlar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Iki tarapa uzatmak, ýaýmak (ganat, gol we ş. m. hakda).

    • Asmanda ganatyn gerýär samolýot. (A. Salyh, Saýlanan eserler)

    • Begenç goluny nähili gerenini duýmady. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

gulak germek

seret gulak

  • Şagyrdynyň peýda bolan tarapyna üşerilişdiler we gulaklaryny gerdiler. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

kökenek germek

seret kökenek

  • Akgyz Ýagmyr diýip kökenek gerýär. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

kükregiňi germek

seret kükrek

  • Gülşenli döwrana kükregin geren, Gül ýüzli gahryman ýitdi-de gitdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • gerdi
  • gerdi-de
  • gerdiler
  • gerdim
  • gerdiň
  • gerdiň-de
  • geremok
  • geren
  • gerendigini
  • gerenim
  • gerenimde
  • gereninden
  • gerer
  • gererdi
  • gererdim
  • geresi
  • gereýin
  • gerip
  • geriň
  • gerjek
  • gerleriniň
  • gerleriň
  • germe
  • germedik
  • germegine
  • germek
  • germemegi
  • germemeli
  • germese-de
  • germez
  • germiş
  • germäge
  • germän
  • germäni
  • germänlerinde
  • germäň
  • gerse
  • gerse-de
  • gersek
  • gersem
  • gersene
  • gersin
  • gersinler
  • geräýmesin
  • gerýän
  • gerýändigini
  • gerýär
  • gerýärdi
  • gerýärin
  • gerýäris
  • gerýärler
  • gerýärmiň