gerilmek işlik

  1. Çekilip, dartylyp goýulmak, asylyp durmak.

    • Diwarlaryň ýüzüne uzyn seçekli haly torbalar, haly çuwallar gerlipdir. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Diwara gerlen owadan haly çyranyň şöhlesine lowurdap durýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Çolaşyp durmak, päsgel bolmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem gerilmek - gerler, gerlipdir.


Duş gelýän formalary
  • gerilmek
  • gerilmäniň
  • gerilýän
  • gerilýär
  • gerilýärdi
  • gerlen
  • gerlendigini
  • gerler
  • gerlip
  • gerlipdir