Diş bilen kitirdedip kertip, gazap iýmek.
Mönje oglan omaçany gemrip, Halnazara bakan düwnekledi.
Aç düýeler olaryň pudaklaryna çenli gemripdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Kaka, aç möjekler goýun sütkini gemrip bilýäler.
Göçme manyda Kişiniň gazanjyny öz şahsy peýdaň üçin harçlamak, iýmek, kesekini rehimsiz eksplautirlemek.
Sen üç ýylap kolhozy gemirdiň.
Zaýalamak, haraplamak.
Näme uran hem bolsaň, pyçagyň ýüzüni gemripsiň.
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem gemirmek - gemrer, gemripdir.