Kämillik ýaşyna ýetip, täze durmuşa çykan gyz; ýaş aýal.
Jemal eje dokmany oglynyn gelni bilen bileleşip dokaýar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Halnazar gelni ölene, toýy daganda Artyga awuny aldyranda-da häzirkisi ýaly darykmandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Pökgen aga, gidýän gyzlaryň deregine kolhozyňa gelýän gelinleri hasap edeňzokmy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Biz-ä gelin wagtymyzda sülmürap çaý içerdik, gaýma gaýardyk, keşde ederdik. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Gelin bolmasak hem gädikden garapdyk. (nakyl)
Gelniň geldi-geldisi, ogluň boldy-boldusy. (nakyl)
Gyzym, saňa aýdaýyn, gelnim, sen eşit. (nakyl)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar i çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem gelin - gelni.
Alnan gelni atasy öýlerine gaýtarmak.