Gedemiň gylyk häsiýeti, ulumsy, tekepbirlik, gopbamsylyk.
Gedemlik alamaty ýüze çykyp duran starostin hem şeýle adamdy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)
Hojaguly gedemlik bilen gapyny şakyrdadyp açdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gedemlik - gedemligi.