Ötüp gitmek, girip gitmek, bir zadyň üstünden aşmak, ätläp aňyrsyna barmak.
Gädikden geçmek. Ýoldan geçmek. Köprüden geçmek.
Kabul edilmek bellenmek, girmek.
Işe geçmek.
Gowy satylmak, alynmak.
Malymyz oňat geçdi.
Bir ýere (gurama) girmek, bir gurama agzap bolmak.
Bir işi gutaryp ikinji işe başlamak.
Eseriň birinji bölümini gurtaryp ikinji bölümine geçmek.
Göçme manyda Birinden, bir zatdan ýüz öwürmek, el çekmek.
Geçenden-geç. (nakyl)
Bagyşlamak, ötmek.
Hoşgeldi seniň göwnüňe degen bolsa-da sen onuň günäsini geç! (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ara wagt düşmek, ötmek.
Aradan ýyllar geçdi.
Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň bolup gutaranyny görkezýär.
Belläp geçmek, gelip geçmek, durup geçmek, urup geçmek, kesip geçmek.
seret iç
Içinden geçip barýan şemal turdy. («Mydam Taýýar» gazeti)
Alçaklyk gürleşmek, ugruny tapmak.
Öýli-işikli bolmak, öýlenmek.