gazap ga‧zap at

Güýçli gahar duýgusy.

  • Balkyldaýan gara gözüň uçguny, Gazap bilen baksa ýandyrjak göni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

  • Halnazar öz gazabyna çydap bilmän sandyrady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gazap - gazaby.

gazabyňy ýuwutmak

Öz-özüňi köşeşdirmek.

  • Tamara Danilowdaň igenjine çydaman geleni üçin, gazabyny ýuwutmaga çalyşdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gazap atyna atlanmak

Örän güýçli gaharyň gelmek, gazaplanmak.

  • Tas gazap atyna atlanyp, bolmaz bir işiň üstünden barypdym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • gazaba
  • gazabam
  • gazaby
  • gazaby-da
  • gazabym
  • gazabymdan
  • gazabymyň
  • gazabyna
  • gazabyndan
  • gazabyndanam
  • gazabyny
  • gazabynyň
  • gazabyň
  • gazabyňa
  • gazabyňy
  • gazabyňyz
  • gazapdan
  • gazapdy
  • gazapdygyny
  • gazapdyr
  • gazaplar
  • gazaplara
  • gazaplary
  • gazaplaryndan
  • gazaplaryny
  • gazaply
  • gazaplydy
  • gazaplydyr
  • gazaplyk
  • gazaplylygy
  • gazaplylygyndan
  • gazaplylygyny
  • gazaplylyk
  • gazaplymy
  • gazaplynyň
  • gazaplynyňdyr
  • gazapsyz