Gazaw, kepgir we ş. m. bilen tämizlemek, bir zadyň ýüzüni gyrmak.
Azal demriniň paslaryny gazaldan soň nebitledi, ýaglady.
Mälim zat, Iwan Aga, ýönekeý ökjäň çoruny aýyrmak üçin hem gazamak gerek. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýer peşemek, dörjelemek.
Atlar toýnaklary bilen tagtany gazardylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret gulak
On dört-on bäş ýaşyny dolduran gyzynyň gulagyny dynuwsyz gazaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Wasp etmesem, wyždan gulagymy gazar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)