gawunçylyk ga‧wun‧çy‧lyk

[ga:wunçylyk]

Gawunyň köp ekilen ýeri, gawunyň bol ýeri.

  • Ol gawunçylykda eli zamçaly hut şu mahalyň özünde ogrulykda tutulan ýaly boldy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

  • Biz gijäniň içinde gawunçylyga bardyk. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gawunçylyk - gawunçylygy.


Duş gelýän formalary
  • gawunçylyga
  • gawunçylykda