Süýdüň içine gönezlik atylyp, basyrylyp, taýýarlanýan önüm.
Hoşgeldi bir banka gatyk, ýene bir kürüşge gaýmak çykardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Gatyk getiriň, gaty -- diýip gygyrdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Akmaýanyň ýoly gatyk dökülen ýaly çaňjarýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gatyk gerek bolsa, getirip bereýin!
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gatyk - gatygy.
Süýdüň içine gönezlik goşup, uýatmak üçin üstüni ýapyp goşmak.