Ýeriň we ş. m. belli bir galyňlykdaky gaty.
Nebitli gatlaklary weýran edýärsiň.
Göçme manyda Ilatyň, jemgyýetiň synp bilen baglanyşykly bolan belli bir topary.
Sözlerdäki we hereketlerdäki ýasama gylyk ýokary gatlak bilen halkyň aşaky gatlaklarynyň arasynda uçurym döredýär.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gatlak - gatlagy.