Üstüni ýetirmek üçin goşmaça zat, goşant.
Saňa toý gatanjy diýip, öz ýanymda iki sany goýun bilen bir düýe bugdaý niýetläp goýupdym. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gurplurak adamlar tapdygyndan gatanç diýip, kimsi dowar, kimsi öküzçe eltdiler. («Görogly» eposy)
Garynda, garnuw.
Seniň aňryňda meşçan gatajyň bar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bu unuňda diýseňem-ä arpa gatanjy bar bolsa gerek.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gatanç - gatanjy.