gataltmak ga‧talt‧mak işlik

  1. Öňki derejesinde gaty etmek, gaty hala öwürmek, berkleşdirmek, gaýymlaşdyrmak.

  2. Öňki derejesinden artdyrmak, güýçlendirmek, batlandyrmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gataltmak - gataldýar, gataldar, gataldypdyr.


Duş gelýän formalary
  • gataldan
  • gataldanam
  • gataldanlary
  • gataldyp
  • gataldypdyr
  • gataldýan
  • gataldýar
  • gataldýarlar
  • gataltdy
  • gataltdy-da
  • gataltjak
  • gataltmaga
  • gataltmagyna
  • gataltmak
  • gataltmakdan
  • gataltmaly
  • gataltman
  • gataltmany
  • gataltmanyň