Garybyň hal-ýagdaýy, garyp bolup mätäçlikde ýaşamaklyk.
Garyplyk çaga-çaga ýanynda, aýal ýanynda, goňşy-golam ýanynda adamyň başyny aşak salýar. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Gyzym, sen hem garyplykdan basylyp, özüňi aldadaýmagyn! (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Garyplyk öldürmez, öldürmesede güldürmez. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem garyplyk - garyplygy.