garyp ga‧ryp

[gary:p]

  1. Her bir zada mätäç adam, ykdysady taýdan hiç hili üpjünçiligi bolmadyk adam.

    • Men-ä garybam bolsam, özümi seniň bilen deňäp biljek däl. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Garyplar baýlar ýaly däl, olaryň durmuşy agyr hem bosa, özlerini pes tutmaýarlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ol garyp gonşusy bir towuk edinse, şony hem görü- bilmezçilik ederdi.

    • Garybyň göwni synyk sözi döwük; ýetimiň boýny buruk, ýüzi soluk. (nakyl)

    • Garyp adam ýamanar, ýamanar-da guwanar. (nakyl)

    • Garyba it hem ýagy, bit hem. (nakyl)

  2. Könelişen söz Çet ýurda düşen mysapyr.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem garyp - garyby.


Duş gelýän formalary
  • garyba
  • garybam
  • garyby
  • garyby-da
  • garybym
  • garybyň
  • garybyňam
  • garybyňky
  • garyp-da
  • garypda
  • garypdan
  • garypdy
  • garypdygy
  • garypdygyna
  • garypdygyny
  • garypdyk
  • garypdyklaryndan
  • garypdym
  • garypdyr
  • garypdyrlar
  • garypja
  • garyplar
  • garyplar-da
  • garyplara
  • garyplaram
  • garyplarda
  • garyplardan
  • garyplardyr
  • garyplary
  • garyplaryna
  • garyplarynda
  • garyplaryndan
  • garyplarynyň
  • garyplaryň
  • garyplaryňda
  • garyply
  • garyplyga
  • garyplygy
  • garyplygydyr
  • garyplygym
  • garyplygyma
  • garyplygyna
  • garyplygyndan
  • garyplygyny
  • garyplygyň
  • garyplyk
  • garyplykda
  • garyplykdan
  • garyplylar