Garny ýasy, ullakan garynly.
Ussa garynlak we sakgally bir adamdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol wagt bu garynlakdy, indi onuň ýogyn garny çekilişipdir. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Şol wagt Öweziň özi uzyn boýly garynlak bir adam bilen horja bir kişi gapydan girdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ol örän garynlak, düýrlenen gamyş ýaly epeý bolupdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem garynlak - garynlagy.