Iýmit siňdiriş trubkasynyň ýolunyň iň giň bölegi.
Egnimiz ýyrtyk däl, garnymyz aç däl, garaz nätjek, hiçbir zada mätäç däl.
Men çagalaryň garynlaryny nahardan doýurup bilýärin, emma başga edip biljek işim ýok.
Garny doka bela ýok. (nakyl)
Garny dokuň maly tükel. (nakyl)
Sen nany ýaly çekilipdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Sen nany iýip, garnyň üstünde şänik döwler ýaly edersiň. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Şol organyň içi arassalanyp içine gowurma, çig et salnan görnüşi, ine içine ýagly gowurma dykylan garyn.
Bu garny hem Meret Aga saňa toý paý iberdi -- diýip, Halnazar baýa eltip berdi! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.
Meselem garyn - garny.
Açlygyňy duýup başlamak, ajykmak.
Garny ýasy baýyň gepine gidip, özüm ýaly garybyň kakan göwresinde gan almak üçin göteremok. (B. Kerbabaýew, Aýgyly ädim)
Ana burny ýemiş, gözleri çukur, garny ýasy etlek bir söwdagär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Iýmitden pugta doýmak.
Iýip içmek, naharlanmak.
Dok möjekler gaba garyn çekendir, tire-tarapkeşlik tohmun ekendir.
Könelişen söz 36 ýyla barabar bolan wagt.