Päsgelçilik üçin giň we uzyn edilip gazylýan çukur.
Ol metjinden gaýdandan soň, uly garymdaky düýeleri synlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýokary öýüň ýeňsesinde daşyna garym gazylyp çalmar edilen düýe agyly görünýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Nazar baýyň öýlerini, düýe garymlaryny bizin aldygymyz bolar -- diýdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Öz ýakýan oduňa özüň bişersiň, öz gazan garymyňa özüň düşersiň. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Garymyň içi bir suwdan dolup, işlemek mümkin bolmady. («Mydam taýýar» gazeti)
Silos etmek, galla gömmek we ş. m. üçin gazylan çukur.
Giň garymlarda ekilen limonlary görkezdi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Silos etmek üçin ýärite taýýarlanyp goýlan garymlar göz öňüme gelýärdi.