garylmak işlik

[ga:rylmak]

  1. Biri-birine gatyşdyrylmak, garyşdyrylmak, goşulmak.

    • Birnäçe işçi bolsa semente garyljak gumy tordan geçirýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Nemes soldatlaryndan doly eşelon, Başaşak düňderilip guma garyldy. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  2. Ýakmaz zat iýip ýa-da ökder ýadap kesellemek (guş, at hakda).


Duş gelýän formalary
  • garylan
  • garylanda
  • garylandan
  • garylandyr
  • garylanlyk
  • garylanyň
  • garylar
  • garyldy
  • garyldylar
  • garyldym
  • garyljak
  • garyljyk
  • garylmadyk
  • garylmagy
  • garylmagyna
  • garylmagyndan
  • garylmagyny
  • garylmagynyň
  • garylmak
  • garylmaklaryny
  • garylmalydyr
  • garylman
  • garylmazdan
  • garylmaýan
  • garylmaýar
  • garylsa
  • garylsam-da
  • garylyp
  • garylypdyr
  • garylypsyň
  • garylýan
  • garylýar
  • garylýarlar