gary

  1. Goýun, geçi we ş. m. mallaryň dyzy bilen toýnagynyň aralygy, injik.

    • Guýrugy küle, erinlek köpek Meleguşuň ýanynda garysyny ýassanyp, güne meýmiräp ýatyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Atyň ahyrynyň bärsinde iki garysyny ýassanyp ýatan köpek jabjynyp üýrdi-de günbatara tarap ýüzlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Bir syhly yzyna garanjaklaýan Çerkez, möjegiň uzyn-uzyn palanlyny, iň soňunda garysyny ýassanyp galanyny saýgardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  2. Ýarym gulaja barabar ölçeg birligi.

    • Telpek geýip, töwereginden bäş-alty gary bizi aýla. («Görogly» eposy)

garyňa daýanmak

Öz gaýratyňa daýanmak, özüňe gerek işi özüň etmek, her bir zada özüň hötde gelmek.

  • Kakaň hem kakaň welin, öz garyňa daýanmak gerek. («Tokmak» žurnaly)

garyňa galmak

Ýatan ýeriňden çalt turmak, dikelmek.


Duş gelýän formalary
  • gara
  • garady
  • garadyk
  • garadyr
  • garam
  • garamy
  • gary-da
  • garydy
  • garydyrlar
  • garyja
  • garylar
  • garym
  • garyma
  • garymda
  • garymdaky
  • garymy
  • garymyz
  • garymyň
  • garyny
  • garynyň
  • garysy
  • garysyna
  • garysyny
  • garysynyň
  • garyň
  • garyňa
  • garyňda
  • garyňy
  • garyňyza