Edilýän çakdan garry, garryrak, gartaşan.
Myradaly aganyň gartmaç gülküsi şyg-şyglap aýratyn-da çasly çykýardy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Diýseňem-ä, ol saňa görä gartmaç bolsa gerek.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gartmaç - gartmajy.