garramak gar‧ra‧mak işlik

Garry bolmak, ýaşyň körelişmek.

  • Aýna alty aýda, belki, alty ýyllyk garrandyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Dünýäni görmän, obamyzda garradyk. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Dogrusy, köpüsi her ýyl planda bellenip, hyýal bilen garrady. («Tokmak» žurnaly)

  • Ol ýolbars örän garrapdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

  • At garrar, meýdan garramaz, ýigit garrar, heňňam garramaz. (nakyl)

  • Toýa garramak ýok. (nakyl)

gazygynda garrasyn

Öýlenen ýigidiň gelin bilen baky ýaşamagy arzuw edilip, gelin edinen ene-atalara gutlag manysynda aýdylýan aňlatma.


Duş gelýän formalary
  • garrady
  • garradygyça
  • garradyk
  • garradykça
  • garradylar
  • garradym
  • garradyň
  • garrajakdym
  • garraly
  • garram
  • garrama
  • garramadyk
  • garramadym
  • garramaga
  • garramagam
  • garramagy
  • garramagymyza
  • garramagyna
  • garramagyny
  • garramagynyň
  • garramagyň
  • garramagyňa
  • garramajak
  • garramak
  • garramaklyga
  • garramaklygy
  • garramaklyk
  • garramaly
  • garraman
  • garramandy
  • garramarsyň
  • garramaz
  • garramaýan
  • garramaýandygyndan
  • garramaýar
  • garran
  • garrana
  • garranam
  • garranda
  • garrandygyna
  • garrandyr
  • garranlaryndan
  • garranlygy
  • garransoň
  • garranyň
  • garranyňda
  • garrap
  • garrapdy
  • garrapdyr
  • garrapdyryn
  • garrapdyrys
  • garrapsyň
  • garrapsyňyz
  • garrar
  • garrardan
  • garrardy
  • garrarsyň
  • garrasa
  • garrasa-da
  • garrasaň
  • garrasyn
  • garraýan
  • garraýança
  • garraýançamy
  • garraýar
  • garraýardy
  • garraýarlar
  • garraýarys