[ga:rma-gürmelik]
Adamlaryň tertipsiz üýşmeleňi, aýdyň dällik, bir hili boýlan bulaşyklyk, başagaýlyk.
Şol garma-gürmelik netijesinde, türmede oturan komissarlar boşap, narohoda oturypdyrlar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Men bolsam garma-gürmelikden peýdalanyp, niredesiň medpunktuň wraçy diýip at salaýandyryn. («Tokmak» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem garma-gürmelik - garma-gürmeligi.