garma gar‧ma

[ga:rma]

Eriş gyzyl ýüpekden, argajy gara ýüplükden edilip, elde dokalýan zol-zol mata.

  • Başynda gara telpegi, egninde garma dony bar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  • Egni garma dony bilen köwüş-mesisini hem şoňa berdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Egni uzyn garma donly, Mydam deň-duşy daşynda. (Çary Aşyr, Poemalar)

garma gar‧ma 2

[ga:rma]

Sogan, käşir, et, çörek garylyp bişirilýän dograma çorba, nahar.

  • Bir uly kesren garmany garnyna gapgardy. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • garmaly
  • garmalydyr
  • garmany
  • garmaň