Suwuň düýbüne gitmek, suwa batyp ölmek.
Adamlar gark bolupdyr. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Içýan bolsa suwa gark bolup, ölüp galypdyr. («Türkmen Halak Ertekiler Ýygyndysy»)
Namarda zar bolandan, gara derýa gark bol. (Magtymguly-Pyragy)
Suwuň düýbüne batyrmak, suwa gidermek.
Suw güýjäp, gark etdi ony, Gitdi ol suwuň teýine. (Çary Aşyr, Poemalar)
Halys doýurmak, basdyryp suwarmak, peli dolduryp suw tutmak.
Ekini gark etdim, entekler suwsamaz.
Erbet üsgürmek, bir syhly üsgürmek.
Hasar gark urmaga başlady. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)
Sözüni gutardy-da, han içini tutup, gark urup aşak oturdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
seret pikir
Pikir derýasyna gark bolan Muhammet oňa bir bada batyrgaý jogap berip bilmedi. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)