garalmak 1 işlik

  1. Gara bolmak, gara reňke öwrülmek.

    • Proýawitelde köp saklansa, surat garalýar.

  2. Bozulyp başlamak, üýtgemek (hawa hakynda).

    • Bulut gelip, hawanyň ýüzi garaldy.

  3. Göçme manyda Bişmek, ýetişmek.

    • Üzümler eýýäm garalypdyr.

  4. Garaňky düşüp başlamak.

    • Bu wagt ýaňy iňrigiň garalyp barýan wagtydy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  5. Uzakdan görünmek, çala mälim bolmak.

    • Göwnüme bolmasa, ol tamyň düýbünde bir zat garaldy, nämedigini açyk saýgaryp bilmedim.

garalmak 2 işlik

Ara alnyp maslahatlaşmak, seredilmek.

  • Ýygnakda iki mesele garaldy.


Duş gelýän formalary
  • garalamok
  • garalan
  • garalanda
  • garalandan
  • garalandygyny
  • garalanlary
  • garalansoň
  • garalanyndan
  • garalanyny
  • garalar
  • garalar-da
  • garalara
  • garalardy
  • garalary
  • garalaryn
  • garalaryna
  • garalaryny
  • garalaý
  • garalaýan
  • garaldy
  • garaldy-da
  • garaldygy
  • garaldygydyr
  • garaljak
  • garaljakdygy
  • garalma
  • garalmady
  • garalmadyk
  • garalmaga
  • garalmagy
  • garalmagydyr
  • garalmagyna
  • garalmagyndan
  • garalmagyny
  • garalmagynyň
  • garalmagyň
  • garalmak
  • garalmaklyk
  • garalmaly
  • garalmalydygyny
  • garalmalydyr
  • garalman
  • garalmasy
  • garalmasyny
  • garalmaýan
  • garalmaýar
  • garalsa
  • garalybam
  • garalyp
  • garalypdy
  • garalypdyr
  • garalypsyň
  • garalyň
  • garalýan
  • garalýana
  • garalýandygy
  • garalýandygyna
  • garalýandygyndan
  • garalýandygyny
  • garalýanlygy
  • garalýança
  • garalýar
  • garalýardy
  • garalýarlar