[garakö:lçülik]
Oba hojalygynyň bir pudagy hökmünde garaköli goýunlary ösdürip ýetişdirmeklik.
«Komsomol» garakölçülik sowhozy şu ýylyň iýun aýynda guruldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
«Rawnina» garakölçülik sowhozynyň çopanlary her ýüz ene goýundan bir ýüz ýigrimi bäş guzy aldylar. («Kolhoz günleri»)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem garakölçülik - garakölçüligi.