Ýagy alnan goýun süýdüniň aýranyna buýan goşulyp gaýnadylmagyndan emele gelýän turşumtyk süýji önüm, reňki garagurt.
Muňa ýyl aşan garagurdy tap-da, suwa gaýnadyp-gaýnadyp şepbik ýaly edip çal. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem garagurt - garagurdum, garagurduň.