garaýyş at

Bir zada bolan pikirleniş, nukdaýnazar, serediş.

  • Häzir işçiniň, daýhanyň wagtlaýyn hökümete bolan garaýşy bütinleýin üýtgedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sen bir menlik bol ahyry! -- diýen garaýyş bilen Annadurdy murt Amanla seretdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar goşulanda, -ýyş goşulmasynyň arasyndaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem garaýyş - garaýşym, garaýşyň, garaýşy.