Edilýän hüjüme, herekete berilýän gaýtawul.
Aman poşçy hem garşylyk görkezjek bolup durmady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Olar ýerli ilatyň batyrgaý garşylygyna duçar boldular. (Gadymy dünýä taryhy)
Haýwan hem soýjak bolanyňda, öz gurbuna görä garşylyk görkezýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem garşylyk - garşylygy.