[ga:r]
Suw kristaljyklary görnüşinden ybarat bolup, gyşyna düşýän ak tozgajyk ýaly atmosfera ýaly.
Gar gatyşykly şowlaýan şemal esgerleriň içinden geçýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gar kimin ak pagtamyzdan reňk alan ak bulutlar gök ýüzünde görýärler. (R. Seýidow, Eserler)
Gar «ýagdysy» diýip begenme, aýazy bardyr; işan «geldi» diýip begenme, nyýazy bardyr. (nakyl)
Gar ýagmazdan öňki ýiti sowuk.
Howa erbet bulaşypdyr, gar awusy bar. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Işiň gaýtmak, bagtyň ýatmak.
Petime gar ýagdy meniň, Eý arçyn, öýüň ýykylsyn! (Çary Aşyr, Poemalar)
seret ýüz 1
Berdi aganyň ýüzünden gar ýagýar, serederligi ýok. (A Durdaýew, Saýlanan eserler)