gapy ga‧py at

  1. Jaýa girmek üçin ötelge, girelge, agyz.

    • Bahar bilen çykyp gitdi içerden, Baryp hasapçylaň açdy gapysyn. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Jaýyň agzyna oturdylýan gabsa, işik.

    • Agaç ussalarynyň ýanynda taýyn gapylar dur. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Öýüň işiginiň öňi, öň tarapy.

    • Gapymda ýolbars saklap, öýümde arkaýyn ýatyp bilmen. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gapy haky

Könelişen söz Gelin edinilende: Gelinlik gyz alnyp gaýdyljak bolanda, işik tutup duranlara hem-de getirilen gelin bir jaýa saljak bolanlarynda işigi tutup duranlara berilýän pul.

gapy syrmak

Işikme-işik aýlanmak.

gapy tutmak

Könelişen söz Pul almak maksady bilen çykarylýan gyzyň oturan öýüniň işigini açman saklamak, şeýle hem gelin salynjak işigi açman saklamak.

ýedi gapyda

Ýer tapmadyk- belli bir ýerde orun tutmaýan, hemme ýerden kowlup ýören.


Duş gelýän formalary
  • gapa
  • gapam
  • gapyda
  • gapydaky
  • gapydan
  • gapydanam
  • gapylam
  • gapylar
  • gapylara
  • gapylaram
  • gapylarda
  • gapylardan
  • gapylarmy
  • gapylary
  • gapylaryna
  • gapylarynda
  • gapylaryndaky
  • gapylaryndan
  • gapylaryny
  • gapylarynyň
  • gapylaryň
  • gapylaryňy
  • gapyly
  • gapylyga
  • gapylyk
  • gapylynyň
  • gapylyň
  • gapym
  • gapyma
  • gapymda
  • gapymdan
  • gapymy
  • gapymyz
  • gapymyza
  • gapymyzda
  • gapymyzdaky
  • gapymyzdan
  • gapymyzy
  • gapymyzyň
  • gapynam
  • gapyny
  • gapynyň
  • gapynyňam
  • gapysam
  • gapysy
  • gapysydyr
  • gapysyn
  • gapysyna
  • gapysynam
  • gapysynda
  • gapysyndady
  • gapysyndaky
  • gapysyndan
  • gapysyndanam
  • gapysyny
  • gapysyny-da
  • gapysynyň
  • gapysynyňkydy
  • gapysyz
  • gapyça
  • gapyň
  • gapyňa
  • gapyňam
  • gapyňda
  • gapyňdaky
  • gapyňdan
  • gapyňy
  • gapyňyz
  • gapyňyza
  • gapyňyzda
  • gapyňyzdan
  • gapyňyzy
  • gapyňyzyň
  • gapyňyň