Gazanyň, çäýnegiň, çelegiň we ş. m. agyz ýapysy.
Soň özüm çykdy-da köwşüni geýmäge durdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Garrynyň gataňsy barmaklary gaýnap duran gazanyň gapagyny galdyranda çekdirmäniň ysy tamyň içini tutdy. (K. Işanow, Watan üçin)
Dutaryň gundagynyň ýüzi.
Şükür dutarynyň gapagyna kakyp başlady. (N. Saryhanow, Şükür Bagşy)
Mekdep partasynyň açylyp-ýapylýan ýasy bölegi.
Oglan partasynyň gapagyny çalaja açdy. («Pioner» žurnaly)
Ýagyş ýagandan soň, ekilen ýeriň üstünde emele gelýän bölejik-bölejik gyrmança, gatan ýukajyk ýer gatlagy.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gapak - gapagy.