gap

[ga:p]

  1. Içine her hili zat salynýan halta, çuwal we ş. m. zatlar.

    • Onuň bilinden sallanýan gapda alty okly nagan bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Nahar we suwuk zatlar guýulgan gazan, bedre, jam we ş. m. predmetler.

    • Bir ýandan egsilip başlady gaplar. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Olaryň öňlerinde dürli nahar gaplary üýşüp durdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  3. Zat salmak üçin ýörite ýasalan guty.

    • Podpolkownik papiros gabyny açyp, komandiriň öňünde goýdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gap - gabym, gabyň.

bir gap gurçuk

19 gram gurçuk tohumy.

  • Näçe gap gurçuk tutduň? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)