Ýaş çaganyň heniz syrylmadyk saçy.
Mydam başynda hüžžerýär, arassa gara galpagy. (Çary Aşyr, Poemalar)
Ol mele galpakly ak ýüzlüje eýjejik gyz. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem galpak - galpagy.