Ygal bolanynda ädigiň, botinkanyň daşyndan geýilýän ýa-da diňe özi geýilýän düz ökjeli gonçsuz we bagjyksyz rezin aýakgap.
Onuň tomsuň jöwzasynda-da aýagyna galoş bilen mesi geýenini göreniňde ol bir molladyr diýen pikir göwnüňe gelendir. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Anna pilpil galoşyny çykardy-da töre geçip oturdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)