Ýokary turmak, ýerinden turmak, dikelmek.
Ol ýerinden galyp, gazap bilen gygyrdy-da onuň sözüni kesdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Barha ýokarlanmak, ýokary göterilmek, beýgelmek.
Ertesi, Gün guşluga galanda, daňylgy köpek çyňsap başlaýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Öňküsinden köpelmek, artmak, ösmek, ýokarlanmak.
Bahasy galmak.
Derejesi ýokarlanmak.
Ýaz aýlarynda derýanyň suwy barha galýar.
Ýaryşda we ş. m. beýlekilerden soň gelmek, beýlekilerden yzda bolmak, ýeňilmek.
Ýetişip bilmezlik zerarly gitjek ýerine gidip, ugrap bilmezlik.
Otludan galmak.
Gitmekligiňi goýbolsun etmek.
Komandirowkadan galmak.
Ýatdan çykarylyp galdyrylmak, alynman gaýdylmak.
Ýaňky myhmanlaryň düwünçegi galypdyr.
Bar bolmak, bolmagyny dowam etdirmek.
Il içinde galan ýarag ulaglary hem alyp gelmäge buýruk berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gutarylman taşlanmak, gutarylman goýulmak.
Galan işe gar ýagar. (nakyl)
Kömekçi işlik funksiýasynda gelip, aşakdaky ýaly ulanylýar: a) Ysnyşyp gelýän işlikleriniň manylary bilen baglanyşykly hereket aňladýar.
Haýran galmak, geň galmak, habarsyz galmak, işsiz galmak;.
B) Ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň bolup gutaranyny aňladýar.
Duýman galmak, öwrenip galmak, bilmän galmak, görüp galmak.