[ga:byk]
Ösümlikleriň baldagynyň, köküniň daşyndaky örtügi.
Bu zat agaç kökünden ýa-da gabygyndan edilen undan bişirilipmi, nämemi, ondan agaç ysy gelýärdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ine, ine, görüň -- diýip, agajyň daş gabygyndan oýulyp aýrylan ýerini eli bilen görkezdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Käbir ösümlik miweleriniň (çigidiň, soganyň, nohudyň we ş. m.).
Daşky örtügi.
Hoz iýilmeýän gabykdan we tagamly maňyzdan ybaratdyr. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)
Güzde zaýa etmän, gabygyn bölmän, Gruzin gyzlary mandarin ýygýar. (A. Haýydow, Gök asman)
Onuň suwunyň ýüzünde çüýrük ýeralmanyň gabyklary gaýýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Sopy sogan iýmez, tapsa-gabygyny hem goýmaz. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem gabyk - gabygy.