gabamak işlik

[ga:bamak]

  1. Töwerek-daşyny gurşap almak, töweregine halkalaýyn aýlanmak, gabawa salmak.

    • Gürrüňe başladyk jemläp başymyz, Polisiýalar gabap aldy daşymyz. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Biz olary gizlin ýerde goýup, jaýy gabadyk. («Pioner» žurnaly)

    • Olar meni görüp derrew daşymy gabadylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Biriniň daşyna üýşmek, bir zadyň töweregine ýygnanmak, toplanmak, halkalaýyn aýlanmak.

    • Toplanan märeke onuň daşyny gabady.


Duş gelýän formalary
  • gabady
  • gabadyk
  • gabadylar
  • gabadym
  • gabagyn
  • gabajak
  • gabalary
  • gabalygy
  • gabama
  • gabamaga
  • gabamagy
  • gabamagyň
  • gabamak
  • gabamaklary
  • gabamaklyk
  • gabamaly
  • gaban
  • gabanda
  • gabandan
  • gabandy
  • gabandygyny
  • gabandyr
  • gabanlarynda
  • gabanmyş
  • gabap
  • gabapdy
  • gabapdylar
  • gabapdyr
  • gabapdyrlar
  • gabar
  • gabar-da
  • gabara
  • gabardan
  • gabardy
  • gabarlar
  • gabasy
  • gabaý
  • gabaýan
  • gabaýar
  • gabaýardy
  • gabaýardylar
  • gabaýarlar
  • gabaýmagy