gabak ga‧bak

[ga:bak]

Gözüň üstündäki kirpikli ham örtügi (aşaky hem ýokarky).

  • Hojamyň ýukajyk gabaklary gorky bilen tisgindi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Trahoma keseli ilkibada peýda bolanda, gabagyň iç gaty bolan nemli perdede üýtgeşiklikler ýüze çykýar. (S. K. Karanow, Trahoma we oňa garşy göreş)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gabak - gabagy.

gabak galdyrmak

Birine seretmek, garamak.

  • Eziz gabagyny galdyrdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol gabaklaryny galdyrman, kirpikleri gyrpman, uzak bir ýere garaýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • gabaga
  • gabagy
  • gabagymy
  • gabagymyzyň
  • gabagyn
  • gabagyna
  • gabagynam
  • gabagynda
  • gabagyny
  • gabagynyň
  • gabagyň
  • gabagyňy
  • gabak-da
  • gabakdan
  • gabaklar
  • gabaklarda
  • gabaklary
  • gabaklarynda
  • gabaklaryny
  • gabaklarynyň
  • gabaklaryň
  • gabaklaryňy
  • gabakly
  • gabaklyny
  • gabaklyňam