gabahatlyk ga‧ba‧hat‧lyk

Örän ýaramazlyk, erbetlik, aýyplyk, gödeklik.

  • Biz munuň bir gabahatlygy bardyr öýdüp, oý-pikir hem etmeýärdik. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem gabahatlyk - gabahatlygy.


Duş gelýän formalary
  • gabahatlygy
  • gabahatlygyny
  • gabahatlygyň
  • gabahatlykdyr
  • gabahatlyklar
  • gabahatlyklary
  • gabahatlyklaryny
  • gabahatlyklarynyň