[ga:ş]
Göz ortymynyň üstündäki gyýlyp duran gara tüý we şol ýer.
Aýsoltanyň gyýma gara gaşlary biraz ýazylypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Aýna ejeşliginiň ýüzüne çiňerilende, onuň ýazylyp ýatan gara gaşlary hyrsyzlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýaý ýaly gara gaş, ok deý kirpikler alaýjaga meňzeýär golaý ýeteni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Gözüme bolandan gaşyma bolsun. (nakyl)
Gowusyny etjek bolup bulaşdyrmak, erbet etmek.
Bir zada nadyl bolup gaharlanmak maňlaýyňy ýormak.
Gaşlary çytylýar gözleri ýanýar aý ýüzünde gahar-gazap öýşüni. (B. Kerbabaýew, Aýlar)
Gaşyny hereket etdirip, göz-gaşyny oýnatmak, yşarat etmek.
seret gaş çytmak gaş çytmak
Gahary gaçmak, ýüzi açylmak.
Garyp enä gözüň aýdyň diýeli, ýazylsyn onuňam çytylan gaşy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
[ga:ş]