gaýratly sypat

[gaýra:tly]

  1. Edinli, edermen, başarjaň.

    • Aýsoltan hem gaýratly, hem görmegeý. («Görogly» eposy)

    • Kürt Ahmet şu gün harmanlarda bolan wakada ene bir yhlasly hem gaýratly ýoldaş tapanyna ynandy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

    • Gaýratly adam.

  2. Güýçli, kuwwatly, gujurly.

    • Gaýratly mal.


Duş gelýän formalary
  • gaýratlydan
  • gaýratlydy
  • gaýratlydyr
  • gaýratlylygy
  • gaýratlylygym
  • gaýratlylygyna
  • gaýratlylygyny
  • gaýratlylygyňy
  • gaýratlylyk
  • gaýratlynyň
  • gaýratlysydy